Ýaşlar sagdyn durmuşyň tarapdarydyr
Ýaňy-ýakynda, Lebap welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Halaç etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda ýaşlaryň beden, ruhy, akyl, ahlak taýdan ösüşini we durmuşda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegini üpjün etmek maksady bilen «Ýaşlar sagdyn durmuşyň tarapdarydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Lebap welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Halaç etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň hünärmeni J.Rozgulyýewa, TDP-niň Halaç etrap komitetiniň bölümçe müdiri M.Çaryýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň baş hünärmeni G.Ahmedowa dagylar özleriniň çykyşlarynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesliň saglygyny goramak, olaryň geljekde sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky nesihatlaryny, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, zyýanly endiklerden, daşda durmaklary barada, ýaşlaryň hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly ýurdumyzda hereket edýän kanunlar barada birnäçe gürrüňleri berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gunçagül AHMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Halaç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni