Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy
Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda giň gerimde geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk uly jogapkärçilik bilen garşy alynýar. Bu ugurda ýurdumyzda hem maksatnamalaýyn we toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Ýol hereketi - bu ýol şertleriniň, ulag serişdeleriniň pyýada akymlarynyň we daşky gurşawyň özara baglanyşykly hereket edýän çylşyrymly ulgamydyr.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen biraýlygyň maksady ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.
Biraýlygyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikler, tegelek stoluň başynda söhbetdeşikler, wagyz-nesihat duşuşuklary, makalalar, wideoroliklar taýýarlanyp, halk köpçüligine ýetirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, şäher we etrap Geňeşleri tarapyndan biraýlygyň şygary bilen baglylykda ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, bilim edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda dürli oýunlar guralýar. Bu zatlaryň ählisi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanýar.
Ogulsapar JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni