Halkara medeni gatnaşyklar berkeýär
Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII-sammitine gatnaşmagy we ol ýerde eden çykyşynda energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalyk, gurluşyk, dokma, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürilmegine, şol bir wagtda, özara maýa goýumlary höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläkde amatly şertleriň dörediljekdigi barada öz çykyşynda belläp geçdi. Halklaryň arasynda gadymy taryhy we ruhy arabaglanyşygy berk binýadyny emele getirmekde, medeni mirasy ösdürmek, ylym-bilime hormat goýmak, maşgala mukaddesligini sarpalamak, ulyny sylamak, myhmansöýerlik we parahatçylykly ýaşaýyş ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemlemekde möhüm ähmiýetlidir.Ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, döredijilik toparlarynyň we ýaşlar guramalarynyň aradynda gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we akademiki alyşmalary ýola goýmak bu ugurda täze mümkinçilikleri döreder. Şeýle hem syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň taryhy ýerleri, tebigy gözellikleri we milli däpleri halkara syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir diýip bellemeginiň özi hem guwandyryjy.
Gatnaşyjylar ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmaga döredýän şeýle giň mümkinçilikleri, halkymyzy röwşen geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdylyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.