«Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri»

20.05.2024
«Biz, Arkadag Serdarly Watanyň  bagtyýar nesilleri»

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgüsini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Lebap welaýatynyň Medeniýet merkezinde «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Dinara Karimowa


Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.