47,4 müň tonna şaly ýygnamagy meýilleşdirýärler

24.07.2023 636
47,4 müň tonna şaly ýygnamagy meýilleşdirýärler

     Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda beýleki aralyk ekinler bilen birlikde şalynyň ekişi hem dowam edýär.

     “Lebapgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ekilen şalynyň esasy böleginiň ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan “Nukus-2” görnüşidigini tassyklaýarlar. Şalynyň görnüşlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçen ýyllarda onuň Russiýadan getirilen käbir görnüşleri synagdan geçirildi. Häzirki wagtda şalynyň esasy “Nukus-2” görnüşi bilen birlikde “Flagman” we beýleki görnüşleri hem köpçülikleýin ekilýär.

     Welaýatda şaly ösdürip ýetişdirmek we onuň hasylyny ýygnamak üçin 50-den gowrak tehnika ulanylyp, olaryň köpüsi "TUСANO 430 CLAAS", "Keýs" ýaly daşary ýurt kombaýnlarydyr.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.