Pähim paýhas ummany- Magtymguly Pyragy

25.08.2023 2115
Pähim paýhas ummany- Magtymguly Pyragy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada döreden täze goşgy setirlerini tanyşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynda okaýan okyjylaryň gatnaşmagynda “Pähim paýhas ummany- Magtymguly Pyragy” atly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy O.Myradowa, Kerki etrabynyň ýaşaýjysy hajy ene A.Jumaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni O.Aşirowa çykyş etdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.