3 million manatlykdan gowrak süýt önümleri öndürildi

27.07.2023 691
3 million manatlykdan gowrak süýt önümleri öndürildi

Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi.

Bu ýerde degişli döwürde gatyk, peýnir, dorog ýaly süýt önümleriniň jemi 417 tonnasy, mesge ýagynyň 163 tonnasy taýýarlanyldy. Şeýle-de geçen ýarym ýylda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şöhlat önümleriniň hem 36 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Taýýar önümler ýörite dükanlar arkaly ilata ýetirildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.