Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän, durmuşyny gözelleşdirýän şanly wakalara bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylary we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler döwletimiziň ösüş ýoluny döwletli tutumlar bilen baýlaşdyrýan üstümizdäki ýylda amala aşyrylýan özgertmeler barada aýdyp, bu beýik işleriň ählisiniň halkyň bagtyýarlygyna gönükdirilendigini nygtadylar. Döwlet derejesinde geçirilen çäreleriň şaýady bolan ildeşlerimiz Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tagallalarda öz beýanyny tapýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Olar Watanymyzyň beýik geljegini gurmaga gönükdirilen ählihalk işlere mundan beýläk-de agzybirlikde we işjeň gatnaşjakdyklaryna, ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna maslahata gatnaşyjylary ynandyrdylar. Maslahata gatnaşyjylar muzeýde «Milli Liderimiziň nusgalyk ýoly — nesillere görelde» diýen at bilen guralan sergä hem tomaşa etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...