Biziň Bitaraplygymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmekde ajaýyp gymmatlykdyr, taýsyz taglymatdyr. «Türkmenistanyň Bitaraplygy–munuň özi biziň mukaddes gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň manysydyr, öňümizde goýan baş maksadymyzdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Bu parasatly sözleriň çuňňur manysyny biz ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarda aýdyň görýäris. Türkmenistan goňşy hem-de dünýä döwletleri bilen dostluk, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak esasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barýar. Gurlup, ulanmaga berilýän iri önümçilik desgalary, badalga berilýän halkara derejesindäki taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. 2023-nji ýylyň 01-nji dekabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Halkara Bitaraplyk güni, Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler dogrusynda söhbet etmek, wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Bitaraplyk bagt getirdi ilime” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary G.Döwletowa çykyş etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...