2023-nji ýylyň 01-nji dekabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklerimize, milli medeni mirasymyza bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde etrabyň 3-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Medeni mirasymyz halkymyzyň genji-hazynasy” atly gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda okuwçylara Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýan muzeý gymmatlyklary, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ähmiýetli ýadygärlikler barada muzeýiň ylmy işgäri M.Baýramow gürrüň berdi. Gezelenç okuwçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...