Ahlak, söýgi, lirika, watançylyk türkmene mahsus häsiýetleri bolan çeper keşp diýlende Magtymguly Pyragy göz öňüňde janlanýar. Pyragy salyhatly we parasatly, tutanýerli hem-de paýhasly şahsyýet. Onuň ussat şahyrlygy şübhesiz, ýagny üç asyrlap onuň goşgularynyň aýdym edip aýdylmagy, nesil terbiýesinde onuň pelsepeleriniň ulanylmagy, suratkeşler tarapyndan sungat eserlerinde şekillendirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hemmämiziň bilşimiz ýaly Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýakynlap gelmegi hemmämiz üçin begendiriji wakadyr. Şu waka mynasybetli ýurt derejesinde, galyberse-de daşary döwletlerde hem Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp birnäçe duşuşyklar, maslahatlar, bäsleşikler geçirilip, täze sahna we şekillendiriş eserleri döredilýär.
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda 2024-nji ýylda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini has içgin öwrenmegini gazanmak maksady bilen Kerki etrabynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Magtymguly göwni zynatly şahyr” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa we etrabyň 30-njy orta mekdebiniň okuwçysy A.Haýtkulowa çykyş etdiler.