4 milliard kub metre golaý gaz akdyryldy

21.08.2023 34
4 milliard kub metre golaý gaz akdyryldy

     Welaýatymyzda tebigy gazyň öndürilişini artdyrmaga Malaý gaz käninde işe girizilen kuwwatly gaz gysyjy desganyň başarjaň işgärleri has saldamly goşant goşýarlar. Olar tarapyndan şu ýylyň geçen aýlarynda Malaý ― Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça tebigy gazyň 3 milliard 748,2 million kub metrden gowragy akdyryldy.

Şonuň netijesinde sarp edijilere ýedi aýlyk meýilnama goşmaça 1,5 millard kub metrden gowrak harytlyk önüm ugradyldy. Bu önümiň agramly bölegi bolsa Hytaý döwletine iberildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.