Türkmenistan Habarlar portalynyň beýan etmegine görä, ýurdumyzyň meşhur halk we estrada aýdymçylaryndan, sazandalaryndan, folklor ussatlaryndan, medeniýet işgärlerinden, kino, muzeý işiniň wekillerinden, şeýle hem žurnalistlerinden ybarat wekiliýet Wengriýa sapar bilen barar.
Forumyň açylyş dabarasy 7-nji awgustda Budapeştde Miras öýünde geçiriler. Şeýle hem bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem-de milli we döwrebap geýimleriň görkezilişi geçiriler. Agşam Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti guralar.
Maksatnamanyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, Türkmenistanyň Prezidentiniň gadymy Änewe bagyşlanan kitabynyň tanyşdyrylyşy, türkmen kinolarynyň görkezilişi bolar.
Medeniýet günleriniň çäreleri Baç-Kişkun sebitinde dowam eder. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy meýilleşdirilýär.
Medeni çäreler 11-nji awgustda konsert bilen tamamlanar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...