Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ilkinji hatarara bejergi işlerine girişildi. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek barada berlen tabşyryklara laýyklykda, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şunda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylykly geçirilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz howanyň maýlamagy bilen baglylykda, öri we ekin meýdanlarynda dürli zyýanly mör-möjekleriň döremeginiň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...