8-nji martyň öňisyrasynda Türkmenistanyň zenanlaryna pul sowgatlary gowşurylar

23.02.2026 7
8-nji martyň öňisyrasynda Türkmenistanyň zenanlaryna pul sowgatlary gowşurylar

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, 2-6-njy mart aralygynda ýurduň her bir zenan maşgalasyna döwlet Baştutanynyň adyndan dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşurylar.

Birnäçe günüň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde — iri ministrliklerden başlap, oba çagalar baglaryna çenli — türkmen jemgyýetinde zenanlaryň ýokary ornuny görkezýän dabaralar geçiriler.

Ähli zenanlar baýramçylyk sowgadyny alarlar: eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlary, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlary, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada, kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky. Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji zenan-gyzlary, talyp gelin-gyzlary, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlary.

Sowgatyň möçberi 60 manat. Baýramçylyk Baýramçylyk sowgatlaryň dabaraly ýadaýda gowşurylmagy — işgärler üçin ýene-de bir gezek kärdeşlerine mähirli sözleri aýtmak we olary bahar baýramy bilen gutlamak üçin mümkinçilikdir. Bu her ýylda geçirilýän dabara tutuş ýurtda baýramçylyk ruhunyň döredip, hut aýallaryň öýüň ojagynyň görküdigi nygtaýar.


Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.