7-nji sentýabrda Luiziana ştatynyň Leýk-Çarlz şäherinde 22 gatly Hertz Tower gökdirän binasyny ýykyp aýyrdylar. Bina dolandyrylýan partlamalaryň kömegi bilen ýykyldy diýip, “Wokrug sweta” habar berýär.
Mundan 40 ýyl gowrak ozal gurlan bu bina 2020-nji ýylda sebite inen "Lora" we "Delta" atly iki sany güýçli, 4-nji derejeli tupany (iň ýokarysy 5-nji kategoriýa) netijesinde agyr zyýan çekdi.
"Lora" tupany we onuň yzyndan inen soňky "Delta" tupany Meksika aýlagynyň kenaryna uly zyýan ýetirdi, 25 adam heläk boldy we 22 milliard dollarlyk ykdysady zyýan çekildi. Şäheriň nyşany bolan Hertz Tower bu tebigy betbagtçylyklar zerarly zaýalanyp, idegsiz taşlanypdy.
Bina eýeçilik edýän kompaniýa ilki ony dikeltmegi meýilleşdiripdi, ýöne soňra ony ýykyp aýyrmagy ykdysady taýdan bähbitli hasaplady. Ýykyp aýyrmak birnäçe sekundyň içinde tamamlandy we soňky ýyllarda sebitdäki tupanlaryň netijelerini ýatladyp duran gökdirän binanyň taryhyna iň soňky nokat goýuldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...