Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlarynyň arasynda halypa şahyrlaryň gatnaşmagynda“Akyldar şahyryň döredijilik mirasy-türkmen ýaşlary üçin terbiýe mekdebi” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň:«Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbyna baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.» diýip örän jaýdar belleýşi ýaly Magtymguly atamyzyň many-mazmunyna baý, şahyryna edebi mirasy külli ynsanyýet üçin köňülleriň çyragy bolup, ýaşaýyş durmuş babatda adalatly ýol-ýörelge görkeziji, hakyky adam bolup ýaşamaklygy ündeýji ruhy hazynadyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlarynyň arasynda halypa şahyrlaryň gatnaşmagynda «Akyldar şahyryň döredijilik mirasy-türkmen ýaşlary üçin terbiýe mekdebi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy düwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokary galdyrmak, ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek we dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda ýaş nesli terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň üstünlikleri barada gürrüň edildi. Döredijilik duşuşygynda Halaç etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň mugallymy Ý.Hojanyýazow, Halaç etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy E.Çaryýew, Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň müdiri J.Taganowa, Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň mugallymy A.Şirowa dagylar çykyş etdiler. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda halypa şahyrlar sorag-jogap alyşyp, Halaç etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň ýaş şahyrlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny wasp etýän öz döredijiligi bilen düzen goşgulary bilen joşguna beslediler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri: Gözel Amansähedowa
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...