“Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

07.07.2023 343
“Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabyň tanyşdyrylyş  dabarasy geçirildi

          Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda “ Arkadag şäheri – geljegiň şäheri ” atly kitabyň tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň häkimi Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiç, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly enelerimiz, talyp ýaşlar hem-de medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Dabara mynasybetli Lebap welaýatynyň häkimi Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiçe uly hormat bilen söz berildi. Soňra maslahatda Halaç etrabynyň ýaşaýjysy, “Türkmenistanyň il ýaşulysy” Garly Bazarow çykyş etdi. Garly Bazarow öz çykyşynda täze kitabyň içinde bellenilişi ýaly, “Geljegiň şäheri” diýip atlandyryp boljak Arkadag şäheriniň açylmagynyň ýurdumyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylandygyny uly buýsanç belläp geçdi. Soňra maslahatda “Zenan kalby” ordeniniň eýesi Berdiýewa Miwegül çykyş edip Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny we “akylly” ulgamlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň işjeň çekilendigini belläp, häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp- başarnyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de özboluşly taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kümüş saçly enelerimiziň adyndan alkyşlaryny aýtdy. Soňra dabaraly maslahatda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň Baş ýolbaşçysy Mekan Sylapow çykyş edip ol öz çykyşynda täze Arkadag şäherinde medeni ojaklaryň gurulmagynyň milli medeniýetimizi ösdürmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky subutnamasydygy diýip belläp geçdi. Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň gurlup, ulanmaga berilmegi muňa aýdyň mysallardyr diýlip, aýratyn bellenilip geçildi. Şeýlede dabaraly maslahatda “Türkmen Gündogary” gazetiniň baş redaktory Arzuw Hudaýberdiýewa, Lebap welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Hemraýew Gadam, Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bossan Akyýewa we Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň başlygy Reýimow Bahtiýar dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň güýjüne-gaýratyna, ylmyna we bilimine uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Soňra, “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabyň tanyşdyrylyş maslahaty mynasybetli Hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.