14-15-nji maýda Aşgabatda BMGÖM bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabat we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasynyň çäginde welaýatlaryň daşky gurşawy goramak gulluklarynyň howanyň hapalanmagyna gözegçilik barlaghanalarynyň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak bölümleriniň hünärmenleri üçin ýörite okuw geçirildi. Ýörite okuwyň maksady howanyň hapalanmagyna gözegçilik barlaghanalarynyň inspektorlaryna we hünärmenlerine BMGÖM taslamasy tarapyndan satyn alnan täze gurallar esasynda dürli görnüşli hereketlendirijili ulaglardan çykýan zyňyndylara gözegçilik etmegiň häzirki zaman usullaryny öwretmekden ybaratdyr. Ýörite okuwyň çäklerinde täze enjamlaryň ulanylyşy boýunça gözükdirme hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiki gözegçilik gullugynyň howanyň hapalanmagyny gözegçilik edýän laboratoriýasynda amaly sapaklar geçirildi. BMGÖM Taslamasynyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we ekologiki gözegçiligiň milli ulgamyny ösdürmek boýunça esasy maksatlarynyň amala aşyrylyşyna bu ýörite okuw sapaklary hem-de Ekologiki gözegçilik gullugynyň laboratoriýalarynyň we welaýat müdirlikleriň geljekki kämilleşdirilen işi ýardam berer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...