Şu ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabatda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda «Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy» (TIF-2024) atly halkara forum geçiriler.
"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagta çenli TIF-2024-e gatnaşmak üçin 20 ýurtdan 100-den gowrak adamlar bellige alyndy.
Forum Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we esasy halkara maliýe institutlarynyň wekilleriniň, şeýle hem energetika, infrastruktura we maliýe ulgamyndaky bilermenleriň arasynda özara gatnaşyklar üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
BSG-ä girmek meseleleri boýunça bölümiň direktory Maýka Oşikawa foruma gatnaşyjylaryň esasylarynyň biri bolup, ol Türkmenistanyň dünýäniň söwda ulgamyna ýakynlaşmagy ugrundaky işler babatda öz garaýyşyny paýlaşar. BSG-niň hukuk meseleleri boýunça işgäri Anna Warýanik halkara hyzmatdaşlygyň hukuk ugurlary barada gürrüň berer. Bütindünýä bankynyň Gazagystandaky hemişelik wekili Andreý Mihnewiň gatnaşmagy hem foruma aýratyn ähmiýet berýär, ol sebitiň ykdysady taýdan ösüşine Bütindünýä bankynyň garaýyşlary barada beýan eder. Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa bölüminiň müdiri Uilýam Tompson hem-de BMG-niň ÝYT-niň DHH-y bölüminiň ýolbaşçysy Toni Bonniçi çykyş edip, ählumumy ýagdaýlar babatda ykdysady we durmuş syýasatynyň möhüm ugurlary barada gürrüň bererler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...