Türkmenabat şäher häkimliginiň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredilen ýaş ýangyn söndüriş toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat ediji bäsleşik geçirildi. Ony biziň bölümimiz bilen welaýat baş bilim müdirligi, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Sapaly künjekde dynç alýan çagalar toparlara bölünip, bäsleşigiň şertlerini berjaý etdiler. Olaryň arasynda has ezberler we başarjaňlar öňe saýlandylar. Ýaryşyň jemi boýunça onuň ýeňijileri yglan edildi we olara çäräni guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle çäreler bilim ojaklarynda we çagalaryň dynç alýan ýerlerinde yzygiderli guralýar. Olar çagalaryň arasynda ýangyn-amaly sportuny wagyz etmekde, has-da kämilleşdirmekde we ýaýbaňlandyrmakda ähmiýetli bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...