Ýaňy-ýakynda, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2026-njy ýylyň şygarynyň many-mazmunyny wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen, Lebap welaýat häkimliginiň gurnamagynda ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli maslahat geçirildi hem-de ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň degişli edara – kärhanalary, welaýat medeniýet müdirligi hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Geçirilen bu maslahatda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, şanly ýylymyzyň şygarynda we nyşanynda orun alan milli gymmatlygymyz bolan türkmen bedewleri dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak, şeýle-de atly sporty, sirk sungatyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulsapar Joraýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...