Berkarar döwletiň kämil ýaşlary

28.03.2024 597
Berkarar döwletiň kämil ýaşlary

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Halaç etrabynyň orta mekdepleriniň ýokary synp gyzlarynyň arasynda “Berkarar döwletiň kämil ýaşlary” atly geçirilen döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyrlary  geçirilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, Halaç etrabynyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda “Berkarar döwletiň kämil ýaşlary” atly döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşikde okuwçy gyzlar etrabyň orta mekdebiniň okuwçy gyzlary türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam döredijilik işlerini (zergärçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşlyk) milli işleri boýunça özleriniň ukyp başarnykly zehini görkezdiler. Okuwçy gyzlaryň hödürlän işlerinde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşi, eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň döwrebap ähmiýeti, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy Bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbi wasp etmek boýunça bäsleşdiler.

Küýzegärlik ugry boýunça:  Halaç etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Aýnur Rozyýewa, Halaç etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Güneş Aganyýazowa.

Milli el işi boýunça:  I-orna Halaç etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurana Annamämedowa, Halaç etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülşat Rahmanowa, II-orna Halaç etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Bahar Öwlýagulyýewa, Halaç etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Arzuw Almazowa, III-orna Halaç etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýgül Çaryýewa, Halaç etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ogulbeg Bezirgenowa, Halaç etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Maýa Alymowa, Halaç etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Uzuk Wepaýewa, Halaç etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Amangül Abdullaýewa, Halaç etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Roza Dolyýewa , Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Begmyradowa Maral, Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Begmyradowa Mähri dagylar etrap tapgyrynda ýeňiji boldular. Bäsleşikde ýeňiş gazanan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hormat hatlary gowşuryldy

Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Lebap welaýatynyñ Halaç etrap Geñeşiniñ guramaçylyk bölüminiñ müdiri:             Gözel Amansähedowa

 






 



  


  



Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.