Berkarar döwletiň kämil ýaşlary

16.05.2024 1162
Berkarar döwletiň kämil ýaşlary

Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmakdan şeýle-de, medeni mirasymyzy, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden “Berkarar döwletiň kämil ýaşlary” atly döredijilik bäsleşiginiň 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Lebap welaýat Medeniýet merkezinde welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige şäher we etrap tapgyrlarynda I we II orna mynasyp bolup, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan jemi 39 sany okuwçy gyzlary özleriniň el işleri bilen gatnaşdylar. Gyzykly we täsirli geçen bu döredijilik bäsleşiginde I-nji oruna Türkmenabat şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň 11-nji “A” synyp okuwçysy Aýnura Rustamowa, II-nji oruna Türkmenabat şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň 11-nji “A” synyp okuwçysy Artykowa Aziza, III-nji oruna Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 10-njy synyp okuwçysy Selbi Babajanowa dagylar mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşan ähli okuwçy gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň baş buhgalteri:               Nigara Gündogdyýewa



Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.