Welaýatymyzda ekerançylyk meýdanlarynda birnäçe ýyl bäri bugdaýyň «Ýuna», «Wasso», «Kalym», «Batko» ýaly sortlary ekilip gelinýär. Şonuň üçin indi olaryň ýerini çalyşmagyň wagty geldi. Hut şu maksat bilen-de, geçen ýyl Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistan bugdaýyň «Alekseiç» we «Bezostyý-100» diýilýän täze sortlaryny satyn aldy. Geçen ýylyň güýzünde bugdaýyň bu sortlary welaýatda jemi 34 müň gektara golaý meýdanda ekildi. Ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde ösdürilip ýetişdirilen täze sortlar şu ýyl tomusda gowy hasyl hem berdi. Hünärmenler gowy idegi ýetirilende, bu sortlaryň her gektardan 60 — 70 sentnere çenli hasyl berip biljekdigine göz ýetirdiler.
Bu sortlar bilen birlikde, türkmen alymlarynyň döreden «Berkarar», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk», «Sähraýy», «Bitarap» ýaly sortlary-da ekiler. Sebäbi ýerli daýhanlar alymlar bilen maslahatlaşyp, olara ideg etmegiň agrotehnikasyny kemsiz öwrendiler. Şonuň hasabyna-da olar bugdaýyň bu sortlaryndan hem gowy hasyl alýarlar.
Welaýat boýunça şu ýyl 130 müň gektar meýdana bugdaýyň ýedi sortuny ekmek meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda «Alekseiç» we «Bezostyý-100» sortlary köpräk ekiler. Ekiş möwsüminde däne ekijileriň 280-e golaýy işlediler. Boronalaryň we malalaryň 8,5 müňe golaýy ýerleri ekişe taýýarlamakda ulanylar. Ekişe gatnaşjak «John Deere», «CLAAS» kysymly kuwwatly traktorlaryň hem 90 göterime golaýy taýýarlyk hataryna çykaryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...
Şu günler welaýat Baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleriniň arasynda yglan eden «Baş...