«Çaga – durmuşyň güli!»

25.03.2026 7
«Çaga – durmuşyň güli!»

    Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň, Çärjew etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Çärjew etrabynyň 1-nji çagalar bakja bagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 5 ýyllygy mynasybetli çagalar bagynda terbiýelenýän ýaş körpeleriň arasynda «Çaga – durmuşyň güli!» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi. bäsleşik örän gyzykly we täsirli geçip çagalarda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Bäsleşikde ýaş körpeler özleriniň ukyp başarnygyny hem-de terbiýeçileriň okadýan sapaklaryny gowy özleşdirýändiklerini özleriniň ýasan zatlarynyň üsti bilen aýdyň görkezdiler. Ýaş körpeler özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny çeper owazly aýdym-sazly çykyşlary bilen çeper beýan etdiler.

Abadan Döwletgeldiýewa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri


Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.