Çärjew etrap häkimliginde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

09.05.2025 77
Çärjew etrap häkimliginde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

    Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň, Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Çärjew etrap polisiýa bölüminiň, Çärjew etrap Bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

    Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde has-da aýdyň ýüze çykýar hem-de halkymyzyň durmuş we ruhy sagdynlygyny kesgitleýär.

    Şeýlede häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de orta mekdepler, iň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary bina edildi hem-de olaryň gurluşyklary giň gerim bilen dowam etdirilýär. Şeýle merkezlerde näsag çagalar saglygyny dikeldýärler we döwrebap bilim alýarlar diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

    Duşuşygyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy                                  Serdar Jumamyradow

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.