Dabaraly maslahat geçirildi

16.03.2026 12
Dabaraly maslahat geçirildi

    Lebap welaýat Zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölüminiň,Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäher häkimliginiň uly mejlisler zalynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan ýüregi – gülden näzik» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Häzirki wagtda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň zenanlara pul sowgadynyň bermegini hem-de köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekmegi, hormatly adyň nyşanlarynyň, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň berilmegi bu günki gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar günine ýurdumyzyň zenanlaryna gelin-gyzlaryna ýatdan çykmajak sowgat bolýar.Ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde zenanlaryň hyzmaty uludyr, diýip aýdyp geçdiler. Maslahadyň ahyrynda çykyş edenler halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýaşlara nusgalyk ýol görkezýän watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly, ruhubelent we päk ahlakly, ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülşat Çaryýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.