«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji boldy

07.09.2023 484
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji boldy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-sazly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» türkmeniň ak öýünde geçen bäsleşik täsirli pursatlara baý boldy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde badalga alýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşigine ýurdumyzyň ähli künjeginden iň bir zehinliler, döredijilige ukyply mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ezber okuwçylar bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş edip, öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezdiler.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigine taýýarlykly gelen zehinli çagalaryň şowhunly çykyşlary, aýdym-sazlary we tans şüweleňleri olaryň döredijilik dünýäsiniň gözelligini açyp görkezdi. Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, tebigatymyzyň ajaýyp gözelliklerini we bagtyýar çagalygy wasp edýän şirin aýdym-sazlar, hoş owazlar eziz körpeleriň dilinden düşmedi. Baýramçylyk sahnasynda çykyş eden şirin dilli, köňli heýjandan doly bagtyýar körpeleriň içinden iň zehinlilerini saýlap almak eminler toparyna ýeňil bolmady. Şeýle-de bolsa, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp bolup, döredijilik ussatlyklaryny açyp görkezen zehinli çagalar Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwletmyrat Maksadow, Arkadag şäherindäki 10-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýkäbe Allalyýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky takyk ylymlara ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň okuwçysy Jumamuhammet Serdarow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Kerem Hangeldiýew, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulbahar Hojaberdiýewa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Umytjan Begendikow, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň okuwçysy Selim Berdiýew «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-sazly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilip, olar noutbuk kompýuterleri bilen sylaglanyldy hem-de bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bu bäsleşige gatnaşan çagalaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Beýik ösüşleri nazarlaýan Türkmenistan döwletimiziň ertirki eýeleri bolan bagtyýar körpeleriň şat owazlary, bagtyýarlyk nagmalary mydama belentden ýaňlanyp dursun! Ýeňişleriňiziň höwri köp bolsun, döwrümiziň ýaşajyk bilbilleri!

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.