Gijeleri gündiz ýaly ak şäher

29.07.2023 495
Gijeleri gündiz ýaly ak şäher

     Türkmenabadyň köçeleriniň ýol yşyklary täzelenilýär. Şu günlerde welaýat merkeziniň köçelerinde yşyklandyryşyň täze innowasion görnüşleri gurnalýar. Eýýäm Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan, S.A. Nyýazow şaýollarynyň, Altyn asyr, Görogly beg, Garaşsyz Diýar, Alty Garlyýew köçeleriniň we Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugurlarynda, Zerger şäherçesinde diodly yşyklandyryjylar ýagty saçýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa» ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu strategiýanyň çäklerinde şäherlerimiziň gijelerini gündizlige öwürýän häzirkizaman çyralaryny ulanmaklyga işjeň girişildi. Ilkinji tapgyrda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça toplumlaýyn alnyp barylýan işleriň çäginde biziň howa şertlerimizde diodly ýagtylandyryjylardan peýdalanmagyň mümkinçilikleri öwrenildi we synagdan geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň şäherlerinde ýagtylandyryjy serişdelerden giňişleýin peýdalanylýar. Türkmenabat şäherinde hem bu işe şu ýylyň başyndan has giň gerimlerde girişilendigini «Şäherýagtylyk» kärhanasynyň baş inženeri Rufkat Rahmanow begenç bilen buşlady.

Häzirkizaman çyralaryň ykdysady, tehniki, ekologiýa we energiýany tygşytlamak taýdan örän peýdalydygyny iş ýüzünde hem synlap göz ýetirmek bolýar. Olaryň her birini uzakmöhletleýin, hatda onlarça ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ulansa bolýar. Baş inžener ozalky köçeleri yşyklandyryjy çyralaryň çalt sandan çykýandygyna, wagtal-wagtal çalyşmaly bolýandyklaryna, munuň üçin wagtyň we zähmetiň hem-de maddy serişdeleriň, tehnika güýjüniň köp möçberde sarp edilýändigine biziň ünsümizi çekýär. Onuň aýtmagyna görä, dürli kuwwatlylykdaky şeýle häzirkizaman çyralarynyň 2000-den gowragy ilki bilen esasy köçeleriň ugrunda gurnalyp başlandy. Bu iş soňra beýleki köçeleriň hem ählisinde dowam etdiriler. Täze çyralaryň ýagtysy heniz bu çyralaryň goýulmadyk köçeleriniň yşyklandyrylyşyndan mese-mälim tapawutlanýar.

— Elektrikçiler Amir Möwlýamow, Ygtyýar Hamraýew, belentlikde işlemäge niýetlenilen ýörite ulaglaryň sürüjileri Maksat Kamalow, Merdan Nowruzow, Myrat Narbaýew häzirkizaman yşyklandyryjy çyralary gurnamak işiniň çalt möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Biz şäherimiziň ýaşaýjylarynyň köçeleriň öňküsinden has ýagtylanandygyny synlap begenişlerini görýäris. Şonuň üçin bu işi çalt tamamlamak maksady bilen işimizi gije-gündizleýin alyp barýarys — diýip, Türkmenabadyň «Şäherýagtylyk» kärhanasynyň baş inženeri Rufkat Rahmanow biziň bilen söhbetdeş bolanynda aýtdy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.