GOWAÇA EKIŞINE BADALGA BERILDI

25.03.2026 7
GOWAÇA EKIŞINE BADALGA BERILDI

   Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde 2026-njy ýylyň gowaça ekilişine badalga bermek maksady bilen dabaraly çäre geçirildi. Dabara welaýatymyzyň daýhanlary, aksakal ýaşulylar bilen birlikde welaýtyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.

   Dili senaly ýaşulularyň «Bismillah» bilen topraga gowaça tohumyny sepmegi, şol ajaýyp pursatda bolsa kämil tehnologiýaly ekiji tehnikalaryň hem ekin meýdanyna girmegi welaýatda ýaz ekişine köpçülikleýin badalga berlendiginiň alamaty bolup dabaralandy. Uly ruhubelentlik bilen ekişe ak pata berlen ýerde aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, tans toparlarynyň çykyşlaryna, agrosenagat toplumynyň gazanan üstünliklerine, çarwa durmuşyny açyp görkezýän sergä, şeýle-de, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine giň orun berildi.

  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bol hasyl almagy maksat edinýän babadaýhanlar döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Aýjahan MOLLAÝEWA Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.