Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Gülüň owadan» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen keçesiniň waspyny ýetirmek, milli sungatymyzyň bu görnüşiniň özboluşly aýratynlyklaryny we onuň inçe syrlaryny ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek, ýaşlary zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, guralan bu bäsleşige etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlaryň 20-den gowragy gatnaşdy.
Bäsleşigiň birinji şertinde oňa gatnaşanlar keçe basmak üçin ýüňi saýlap almak we saýmak, ony daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamyşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Welaýatymyzyň milli aýratynlyklaryny äşgär edýän keçe gülleriniň taryhyny gürrüň bermek, gadymy nusgalar boýunça keçe güllemek ikinji şert hökmünde kesgitlenildi. Keçe bilen baglanyşykly yrymlary, nagyşlaryňdyr gülleriň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, gazallardyr aýdyşyklary ýerine ýetirmek bäsleşigiň jemleýji şerti boldy. Bu ugur boýunça gelin-gyzlar goýnuň ýazlyk we güýzlük ýüňlerinden keçe basmagyň aýratynlyklaryny, tebigy boýaglaryň peýdalanylyşyny iş ýüzünde görkezdiler.
Netijede Darganata etrabyndan gelen zenanlar birinji orny eýelediler we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Kerkili we halaçly gelin-gyzlar degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Welaýatymyzyň aýdymçy-sazandalarynyň we Saýat etrabynyň medeniýet öýüniň folklor toparynyň çykyşlarynda milli sungatymyzyň, bagtyýar zamanamyzyň waspy ýetirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...