“Halypa tejribesi ýaşlara görelde” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

01.10.2025 19
“Halypa tejribesi ýaşlara görelde” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Düýn Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Halypa tejribesi ýaşlara görelde”ady bilen il ýaşulysy Hudaýguly Ereşowyň döwletli ojagynda çaý başynda aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyza Garaşsyzlygymyzyň beren bagty, eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşleri, gazanylan üstünlikler, Gahryman Arkdagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän aladalary netijesinde alnyp barylýan işler hakynda giňileýin gürrüňler edildi. Her ýylda Ýaşulularyň halkara gününiň ýurt derejesinde dabaraly bellenilýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimizde ýaşulularyň sarpasynyň belent tutulýandygyny nygtap geçdiler. Şeýle-de il ýaşulymyz Hudaýguly Ereşowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarpyndan sowgat gowşuryldy.

     Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkdagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


Döwranow Guwanç,

Seýitnazar Seýdi adyndaky

Türkmen Döwlet mugallymçylyk

inistitutynyň pedagogika kafedrasynyň mugallymy

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.