Golaýda, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň gurnamagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Haýyr-sahawat nusgasy“ atly brifing duşuşygy geçirildi.
Brifing duşuşygyň dowamynda Türkmen gündogary gazetiniň habarçysy Agageldi Italmazow, Türkmenistanyň mejlisiniň Deputaty Lebap welaýat häkimliginiň hünärmeni Amangeldi Hezziýew, Lebap welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň çagalar anistiziologiýa we reanimasiýa bölüminiň lukmany Merdan Rozykow, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Oguljeren Sadykowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Leýla Amanowa dagylar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin döredilýän amatly şertler barada özleriniň çykyşlarynda belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň başlygy Durdy Mämedow
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...