IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ — 2026

16.03.2026 13
IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ — 2026

   Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher medeniýet öýünde ýylyň-ýylyna geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz-2026» atly şadyýan bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Onda bäsleşigiň şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan 2-4 synplarda okaýan gyzjagazlar öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Gyzjagazlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar milligimize, sungatymyza, medeniýetimize bolan söýgüsini şahyrana sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Bäsdeş gyzjagazlar özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi ýerine ýetirmek boýunça hem başarnyklaryny açyp görkezdiler. Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan bäsleşigiň netijeleri boýunça 1 orna Saýat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 4-nji ,,B” synp okuwçysy Gülşat Döwletowa, 2 orna Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň 2-nji ,,B” synp okuwçylary Mähri Şyhyýewa dagylar mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan eýjejiklere we işjeň gatnaşan şadyýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary:    R.Ergeşow

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.