Kik-bokus boýunça welaýatyň saýlama ýaryşy

22.08.2025 112
Kik-bokus boýunça welaýatyň saýlama ýaryşy

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda 21-nji awgustynda Lebap welaýat Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň kik-bokus boýunça çempionatynyň Lebap welaýatynyň saýlama bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplarynyň we şäherimiziň saýlanan ýaş türgenleri gatnaşdylar. Türgenlerimiz 2008-2009 we 2010-2011-nji ýyl aralygyndaky oglan-gyzlar ýaryşdylar. Jemi welaýatymyz boýunça 96-sany türgen gatnaşyp olardan 81-sany oglan 15-sany gyz türgenlerimiz gatnaşyp 1-njy ýer 20-sany oglanlar 6-sany gyzlardan 1-njylygy aldylar, 2-nji ýer 25-sany oglan 3-sany gyzlar we 3-nji ýer 20-sany oglan 6-sany gyzlar mynasyp boldylar. Ýaryşda birinji oruna mynasyp bolan oglan-gyzlaryň Lebap welaýatynyň ýygyndy toparynda 6-9-njy sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň kik-bokus boýunça ýaryşynada ýaryşmaga hukuk gazandylar. Häzirki wagtda ýaş türgenlerdir hünärmenleriň, tälimçileriň kämilleşmegi üçin täze usullar özleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän tagallalary türgenlerimiziň sporta bolan höwesinini artdyrýar.

Begenç Çaryýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.