Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy iyulda geçiren oba hojalyk pudagy boýunça iş maslahatynyň barşynda käbir welaýatlaryň häkimlerini täzeledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminamalara laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýew, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Maksat Kowusowiç Annanepesow bellenildi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň ýolbaşçysy wezipesinde işleýärdi.
***
Döwletgeldi Seýidowiç Babaýew Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň ýolbaşçysy bolup işleýärdi.
***
Ahal welaýatynyň häkimi Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradow bellenip, ol Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...