Ýakynda Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Parahatçylyk abadançylyk mizemez ösüşiň berk binýadydyr» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar hem-de medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi diýip bellediler. Ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin döwlet baştutanymyza hoşallyk beýan edilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly sepgitler we beýik ýeňişler bilen şöhratlandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Dabaraly maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ýakymly pursatlary bilen utgaşdy. Ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza çäksiz buýsançlar öz beýanyny tapdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygyň orunbasary
Rahman Ergeşow
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...