Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda Lebap welaýat kitaphanasynda işjeň agzalarynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk parahatçylyk –ösüşleriň aýdyň ýoly» atly brifing duşuşygy geçirildi.
Brifing duşuşygyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni köpçülik işleriniň müdiri Yhlas Geldimyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy Serdar Jumamyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Aýjahan Mollaýewa, Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Amangözel Tagandurdyýewa dagylar özleriniň çykyşlarynda Milli Liderimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde berkän dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda gatnaşan “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumy hem-de “Russia Halal Expo 2025” sergisi dogrusynda hem çykyşlarda aýratyn bellenildi.
Brifingiň ahyrynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň durnuklylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýaly syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýjahan MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...