Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy” atly brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň kitap okamak endiklerini ösdürmek, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höweslendirmek, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek barada giňişleýin beýan edildi. Gatnaşyjylar ”Kitaplar ruhy dünýämiz” atly kitap sergisine syn etdiler. Çäräniň dowamynda okamaga, öwrenmäge, bilimli ýaşlar bolup ýetişmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsyn aýdylyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...