Lebap welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

20.01.2025 103
Lebap welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

   Ýakynda Lebap welaýat Kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi şeýle hem Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

   Söhbetdeşlik duşuşygynda çykyş edenler täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň barha giň gerime eýe bolýandygyny, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň ýagny, «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň elimize gowuşmagyny, baý many-mazmuna eýe bolan bu kitapda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly geçirilen çäreler hakynda beýan edilýändigini buýsanç bilen bellediler.

   Söhbetdeşligiň ahyrynda bize ähli babatda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän, Watany söýmegiň we oňa hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadygymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Dinara KARIMOWA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.