Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuşyň ähli pudaklarynda bedew bady bilen öňe barýar. Bu günki gün bagtyýar halkymyz ýene-de bir täze ýyla «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» uly ynam, uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.
Ýaňy ýakynda Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmenistan-beýik başlangyçlaryň ýurdy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny aýratyn bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşyň gujagynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Manzura BERDIÝEWA
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň kätibi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...