Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat Maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň bilen bilelikde gurnamagynda orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi.
Ýygnakda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwrümiziň beýik ösüşlerine öz goşantlaryny goşýan bagtly ýaşlar ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda — ylym-bilimde, sportda, medeniýetde we sungatda uly üstünlikleri gazanýarlar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar ýaşlarymyz üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň miwesidir.
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasaty giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, döredijilikli ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, hünär öwrenmekleri, eziz Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmekleri üçin edilýän taýsyz tagallalar dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Ýygnagyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Begenç Çaryýew
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...