Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berlen habara görä, welaýatyň ähli etraplarynda gowaça ekişi möwsümine taýýarlygyň çäklerinde kuwwatly tehnikalar we ekin meýdanlary bilen birlikde tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak işleri hem aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Welaýat boýunça pagta arassalaýjy zawodlaryň 11 sanysy hereket edip, olaryň ählisinde hem ekiş möwsümi üçin tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Sebitde şu şu möwsümde jemi 11 müň 393,5 tonna tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak we 97 müň 5 gektar ýere adaty tohum, 32 müň 995 gektar ýere hem takyk ekijilere niýetlenen, daşynyň tüýjümek bardasy aýrylan gowaça tohumyny ekmeklik meýilleşdirilýär.
Şu oba hojalyk möwsüminde toprak-howa şertlerine laýyklykda welaýatyň etraplarynda 66 müň 562 gektar ýerde gowaçanyň «S-2606», 41 müň 812 gektar hem-de 19 müň 924 gektar ýerde degişlilikde «Ýolöten-39» we «Ýolöten-7» sortlary, 948 hem-de 754 gektar meýdanda hem «Garaşsyzlyk-30», we «Ýolöten-53» görnüşlerini ekmeklik meýilleşdirilýär.
2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen, bir ýylda 40 müň tonna pagtany gaýtadan işläp, ýokary hilli gowaça çigidini taýýarlamaga niýetlenen häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda işleriň has göwnejaý guralandygyny belläp geçmek bolar diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...