Lebap welaýatynda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

04.09.2026 6
Lebap welaýatynda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

     2-nji sentýabrda Lebap welaýatynda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi. Ekiş möwsüminiň senesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 28-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kesgitlendi diýip, TDH habar berýär.

     Lebap welaýatynda 130 müň gektar meýdana bugdaý ekip, 310 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýat häkimliginde geçirilen maslahatda bellenilişi ýaly, ekişde ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan "Bagtyýarlyk", "Berkarar", "Batko", "Älemgoşar", "Sähraýy" ýaly ýokary hasylly bugdaý tohumlaryndan peýdalanylýar. 

     Asylly däbe görä, ýaşulular «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen topraga ilkinji tohumlary sepip, ekişe badalga berdi. Soňra ekiş nobaty mehanizatorlara geçirildi. Möwsüm üçin ekin meýdanlary öňünden sürüldi hem-de gurplandyryldy. Ýokary hilli tohumlar we oba hojalyk tehnikalary hem doly taýýar edildi. Ekişiň başlanmagy mynasybetli welaýatda agrotehniki kadalary berjaý etmek boýunça tejribe maslahatlary geçirildi. Bellenilişi ýaly, ak ekine ideg etmekde döwrebap usullaryň we öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagy daýhanlara ekişi bellenen möhletlerde geçirmäge ýardam eder.

     Şeýle hem waka mynasybetli obasenagat önümleriniň we tehnikalaryň sergileri hem-de medeniýet işgärleriniň konsert maksatnamalary guraldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.