Lebap welaýatynda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellendi

20.05.2024 996
Lebap welaýatynda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellendi

        Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy. Şu ýyl Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň we mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk senesi bellenilýär. Döwlet nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Tutuş taryhyň dowamynda halkymyz milli tuguna aýratyn gadyr goýupdyr. Paýhasly pederlerimiziň “Adam terbiýesinden belli, ýurt — baýdagyndan” diýen jümlesinde çuňňur many bar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda giň halkara hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Mukaddes tugumyz döwletimiziň Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýörelgelerine, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Döwletimiziň mukaddes tugy milli ýörelgeler, ruhy gymmatlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýär. Onda halkymyzyň şöhratly taryhy, şu günki bagtyýar durmuşy, nurana geljege bolan umyt-arzuwlary öz beýanyny tapýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.