Lebap welaýatynda pagta ýygymyna ak pata berildi

12.09.2026 10
Lebap welaýatynda pagta ýygymyna ak pata berildi

9-njy Sentýabrda diýarymyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynda hem pagta ýygymyna badalga berildi hem-de ak kerwen dabaralary geçirildi. Pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli welaýat häkimliginde il sylagly ýaşulylaryň, jemgýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlarynyň, ussat kärendeçileriň hem-de degişli edara guramalaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Maslahatdan soňra Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 9-njy kärendeçiler toparynda 2026-njy ýylyň pagta ýygymyna badalga bermek dabarasy boldy. Dabaraly maslahatyň dowamynda dili senaly ýaşulylaryň «Bismillasy» bilen gowaça ýygymyna girişildi.

Welaýatymyzda 130 müň gektar meýdandan 320 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Möwsümiň depginli alnyp barylmagy üçin «John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 218-si işe çekiler. Ýygnalan hasyl welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-sinde hem-de harmanhanalaryň 38-sinde kabul ediler.

Çäräniň geçýän ýerinde medeniýet ussatlaryň joşgunly çykyşlary, aýdym-sazlar belenden ýaňlanyp, gök-bakja önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleri, oba hojalyk gurallarynyň sergileri giňden ýaýbaňlandyryldy. Möwsüme badalga berlen gün täze hasylyň ilkinji tonnalary ýüklenen awtoulaglar pagta arassalaýjy kärhanalara hem-de harmanhanalara ugradyldy.



Ogulsapar JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.