1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy E.Talipowyň haýyşy bilen döwlet Baştutany institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi.
Şondan soň dabara gatnaşýan ýaşulular toý bagyny kesdi.
Soňra döwlet Baştutanyna mugallymçylyk institutynda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.
5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi.
Meýdany 26 gektara golaý bolan bilim ojagy 5 gatly baş binany, 8 fakulteti, 22 kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny hem-de 1000 orunlyk naharhanany öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde talyplar üçin ähli amatlyklary bolan 2 müň orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýy, döwrebap sport binasy, futbol meýdançasy, woleýbol we basketbol zallary guruldy. Kitaphana binasy 1 milliona çenli kitaby saklamaga niýetlenen bolup, ol 700 orunlyk okalga zalyndan we 100 orunlyk elektron kitaphanadan ybarat. Täze binalar toplumynda kämil sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, talyplaryň ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin himiýa, biologiýa, fizika, defektologiýa ýaly ugurlar boýunça onlarça tejribehana otaglary döredildi.
Şeýle hem toplumyň çäginde taryh, arheologiýa, etnografiýa, ösümlik we haýwanat dünýäsi muzeýleri hereket edýär.
Döwlet Baştutany watansöýüji we ruhubelent ýaşlaryň Watanyň beýik geljegidigini nygtap, bilim ojagynyň kämil mugallymlaryň, bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...