Lebap atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşygy geçirildi. Bu ýerde at çapyşyklarynyň bäşisi guralyp, birinji we ikinji çapyşyklar 1400, galan üç çapyşyk bolsa 1800 metr aralyga guraldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, dört we ulyýaşar bedewleriň arasyndaky birinji çapyşykda Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň Goşun atly dor atyna taý tapylmady. Tejribeli çapyksuwar M.Töräýewiň erk eden bedewi bellenen aralygy 1 minut 24,1 sekuntda geçdi.
Üçýaşar bedewleriň arasynda 1400 metr aralykda geçirilen ikinji çapyşykda «Tebigy ekin» hususy kärhanasyna degişli Aýgyzy atly dor gysrak 1 minut 16,7 sekuntlyk netije bilen, günüň şu aralykdaky iň ýokary netijesini görkezdi.
1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda çapyksuwar M.Töräýew welaýat kazyýetiniň Gojadag atly dor aty bilen günüň dowamyndaky ikinji ýeňşini gazandy. Gojadag bellenen aralygy 1 minut 36,8 sekuntda geçdi.
Dördünji çapyşykda welaýat Polisiýa müdirliginiň Parasat atly dor aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. M.Tejenowyň erk eden bedewiniň görkezen wagty 1 minut 39,2 sekunda deň boldy.
Günüň jemleýji çapyşygynda pellehanadan ilkinji bolup geçen bedewe hem M.Tejenow erk etdi. Türkmenabat şäher prokuraturasynyň Gadamly atly gara aty 1800 metr aralygy 1 minut 33,6 sekuntda geçip, bu aralykda iň ýokary netijäni görkezdi. Bu çapyşykda ikinji orny D.Pirnazarowyň Garadepel, üçünji orny bolsa A.Açylowyň Merkit atly bedewleri eýeledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...