Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda «Parahatçylyk – hoşniýetliligiň ýoly» atly brifing duşuşygy geçirildi.

12.05.2025 189
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda «Parahatçylyk – hoşniýetliligiň ýoly» atly brifing duşuşygy geçirildi.

    Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Lebap welaýat Geňeşleriniň guramagyndan Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda Lebap welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Parahatçylyk – hoşniýetliligiň ýoly» atly brifing duşuşygy geçirildi.

    Brifink duşuşygynda çykyş edenler ata Watanymyzyň beýik ösüşleridir özgertmeleri, ýaşlar hakda edilýän aladalar barada durlup geçildi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti we baý many-mazmuny dogrusyndaky gürrüňlere aýratyn üns çekildi.

    Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygy                                      Durdy MÄMEDOW

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.